BIZE YAZYARLAR

GARAŞSYZ, BITARAP TÜRKMENISTANYM!

Ajaýyp günler bar ýaş nesillerde,
Ösüş-özgerişler bar her günlerde,
Niýetler päk, biziň türkmen illerde,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Ynsan mertebesi belentde mydam,
Parahatlyk, dost-doganlyk elmydam,
Behişdi ýatladar berkarar watan,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Halkyň bähbidini özünde jemlän,
Bu berkarar watanda täze eýýam,
Watanymy ata-enemiz saýýan,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Bagtyýar durmuşa çagyrýar watan,
Agzybirlik, jebislik pugtalanan,
Parahatlyk ýoluna esaslanan,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Prezidentiniň” talyp hakynyň eýesi.