2026-njy ýylyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran taryhy waka boldy. Bu şygarda Garaşsyzlygyň mizemez binýady, baky Bitaraplygyň dünýä derejesindäki abraýy hem-de türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän beýik arzuw-myratlary jemlenýär. Bedew atyň belent ruhy, çaltlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamlylygyny alamatlandyrýar.
Bu taryhy atlandyrma döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer we öňdengörüjilikli syýasatynyň logiki dowamy bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan syýasat bolsa ykdysady ösüşe, halkara hyzmatdaşlygyň giňemegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna berk esas bolup hyzmat edýär.
Biz, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleri, täze ýylyň şeýle many-mazmuna eýe bolmagyny guwanç bilen goldaýarys. Bu şygar her bir raýatyň kalbynda Watana bolan söýgini, halal zähmete bolan höwesi has-da artdyrýar. Ynançly öňe barýan Türkmenistan — bu diňe bir şu günüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
Gülzar BEKMEMEDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.
