BIZE YAZYARLAR

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamy, saz sungaty gün saýyn ösýär, özgerýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýyly kämil, döwrebap atlandyrmaklyk däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip, atlandyryldy we onuň nyşany kabul edildi.
2026-njy ýylyň şygary we nyşany bilen baglylykda ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, medeni çäreleri hem-de wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýakynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň gurnamagynda “Şanly ýylyň älem içre bekäni, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly maslahat geçirildi. Maslahatda: Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni B. Nurmamedow, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň KAIG-nyň başlygy A.Jumakulyýew, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory S.Hakkyýew hem-de mekdebiň “Nakgaşçylyk ” bölüminiň mugallymy M.Baltaýew dagylar çykyş etdiler.


Çykyşlarda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň özbaşdaklygy, şan-şöhratly ýollarynda ýetilen belent sepgitler dogrusynda, baky Bitaraplyk derejämiziň bütin dünýäniň ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolanlygy barada, halkymyzyň ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikleri, beýik ýeňişleri barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Şeýle-de şygarda belenilişi ýaly bedewlerimiz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň göz guwanjy, buýsanjydyr diýip nygtadylar.
Bu geçirilen maslahatyň esasy maksady ýaş nesillere Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza uly buýsanç döretmek, milli medeniýetimize, saz sungatymyza bolan höwesini artdyrmak, şeýle-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.
Maslahata gatnaşyjylar bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen,
Arkadagly Serdarly türkmen ilimde,
Bedewlerimiz ýeňişleriň nyşany,
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-
bedew batly at-myradyň mekany”

Bedewlerimiz haýran eder dünýäni,
Çölleriňde bol gara altynyň käni,
Gölleriňde pederlerimiziň şany,
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-
bedew batly at-myradyň mekany”

Ak altynyň, Ak bugdaýyň Watany,
Naz nygmatdan doludyr Desterhany,
Ösümlikleň müň bir derdiň dermany,
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-
bedew batly at-myradyň mekany”

Magtymguly Pyragy döwrüniň akyldary,
Öwüt-ündew pähim-paýhas ummany,
Şahyrana eserleň halkyň şöhraty-şany,
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-
bedew batly at-myradyň mekany”

Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany,
Merjen şäher ýurduň bagy-bossany,
Dünýä dolýar parahatlyk mukamy,
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-
bedew batly at-myradyň mekany”

Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.