Garaňkylykda görmäge kömek edýän äýnek işläp taýýarlandy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan uniwersitetiniň alymlary garaňkylykda görmäge mümkinçilik berýän ykjam äýnekleri işläp taýýarladylar.
Elektronlary gaýtarýan we fotonlary görünýän yşyga öwürýän OLED (organiki ýagtylyk diodly) äýneklerine oturdylan datçik adamyň sagyndan hem inçe ýakyn infragyzyl şöhläni görner ýaly edýär.
Datçik 5 gatdan ybarat bolup, her bir düşen elektrony 5 fotona öwürýär. Bu OLED enjamy öňkülerden has ýeňildir. Ol görünýän yşygy 100 esseden hem köp güýçlendirýär.
Alymlar täze enjamy has kämilleşdirip, yşygy öňküsinden hem güýçlendirip boljakdygyny belleýärler.