JEMGYÝET

Garamyş obasynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan gürrüňdeşlik geçirildi

Çärjew etrabynyň Çaramyş oba medeniýet öýünde «Saglyk — ilimiň bagty» atly gürrüňdeşlik
geçirildi. Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çärä etrabyň 48-nji orta mekdebiniň
mugallymlary we ýokary synp okuwçylary, şonuň ýaly-da, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
Farap şäher kitaphanasynyň guran çäresinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak boýunça
alnyp barylýan işler, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada gürrüň edildi. Welaýatda gurlan
hassahanalar, saglyk öýleri, olaryň iň kämil anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün
edilendigi, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň bilimini we başarnygyny dünýäniň öňde
baryjy saglygy goraýyş edaralarynda kämilleşdirýändikleri barada durlup geçildi. Şol bir wagtyň
özünde saglygyň köp babatda her bir adamyň özüne hem baglydygy barada aýdyldy. Sportuň,
bedenterbiýäniň saglygy berkitmekdäki we dürli keselleriň öňüni almakdaky orny açylyp
görkezildi. Şonuň ýaly-da, ynsan saglygyna, ony goramaga bagyşlanyp ýazylan kitaplar bilen
tanyşdyryldy.