Şu günler Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlary gyşlatmak işi göwnejaý guralýar. Welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagat önümçilik birleşigine degişli bolan maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň 68 müň 600-den gowragy, düýeleriň 2 müň 300-den gowragy gyşladylýar.
Mallaryň göwnejaý gyşladylmagy üçin 81170 tonna golaý ätiýaçlyk ot-iým taýýarlanyldy. Guýularyň 554-si, kaşarlaryň 317-si, agyllaryň 89-sy taýýar edildi. Ot-iým ätiýaçlyk gorunyň ýeterli bolmagy täze ýyly şowly garşylaýan maldarlaryň iş keýpine oňyn täsirini ýetirýär. Uzak örüdäki maldarlaryň gyş şertlerinde netijeli zähmet çekmekleri we ünjüsiz ýaşamaklary barada hem yzygiderli aladalar edilýär.
Garagumdaky örüler ot-iým bilen doly üpjün edildi

27
Dec