- ESASY HABARLAR

Garagum derýasynda işler joş urýar

 

Üstümizdäki ýylyň birinji aýynda Garagum derýasynyň Lebap welaýatynyň çäginden geçýän böleginiň akaba ugruny arassalamak we çuňlaşdyrmak işiniň dowamynda 1 million 710 müň kub metr läbigi we gyrmançany kenara çykardylar.

Bu işi Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýa» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» dolanyşygynyň hünärmenleri alyp barýarlar. Dolanyşygyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy öňlerinde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin oňyn şertleri döredýär. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu ýere Niderlandlar Patyşalygy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda «IHC-SCD-35», «Beaver-40» we «Beaver-45» kysymly läbik sorujylaryň 30-dan gowragy gelip goşuşdy. Has takygy, 2017-nji ýylda şeýle tehnikalaryň 17-si, 2018-nji ýylda 7-si, geçen ýyl hem 7-si getirildi.

Şu günler işler Garagum derýasynyň 8-nji we 30-njy kilometrlerinde alnyp barylýar.