BIZE YAZYARLAR

Garagum çöli

Garagum çöli XVIII asyrdan başlap çöli öwrenijileriň üns merkezinde boldy. 1893-nji ýylda Wladimir Lýontiýewiç Komarow gadymy Üňüz çöketligini öwrenmek üçin Derwezäniň guşlugyndaky Şyh guýusyna, ondan gaýralygyna-da ýüz kilometre çenli gidýän Uzboý hakynda ilkinji çaklamalary aýdýar. Başga
ýerlileriň Garagumuň jümmüşinde, howply-hatarly ýollarynda ýabany ýatyp turmasy ýöne ýere däl. Gaýry ýurtlaryň uly-uly çölleri hakda pylan zat diýip durman, her birimize juda ýakyn Garagum hakda aýtmaly bolsa, ol bir ýöne çöl däl-de humly hazyna. Eýýäm geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda akademik
Ý.I.Fersman Merkezi Garagumda düýpli barlaglara başlaýar. Garagumyň jümmüşinde ýurdyň senagatyna, ykdysady kuwwatyna oňyn täsirini ýetirýän tebigy baýlyklaryň ençeme gory bar. Aýdylyşyna görä Garagumyň 10 mln gektar töwregi meýdany takyrlyklardyr.
Çöl hemişe suwuň zary. Suw indi Garagum çölüniň üstüne geldi,onuň täze ömri başlandy. 2000-nji ýylda gurluşygyna badalga berilen asyr bilen ady bir Altyn asyr Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegi diňe bir türkmen halkyny däl eýsem tutuş dünýäni begendirdi. Dünýäniň iň uly çölleriniň biri hasaplanýan Garagumda asyryň iň iri gidrotehniki desgasyna öwürlen “Altyn Asyr” Türkmen köli döredildi. “Altyn asyr” Türkmen köli Aziýa yklymynda iň uly çöl hasaplanýan Garagumda dörän täsin bir gudratdyr. Garagum geljekde ýaşaýşyň möwç urýan ýerine öwrüler. Emeli derýanyň gum içinden geçmegi şol takyrlyklary
özleşdirmäge mümkinçilik berer. Ýer astynda nebiti, gazy bolan Garagum çölüniň üstünde öri meýdanlarynyň oty gektaryna 65 sentnere çenli barar.
Garagum çölünde ägirt uly süýji suw linzalaryny, çuňluk suwlaryny (aýtymly suw gatlaklaryny) peýdalanmak üçin hem işler ýola goýulýar. 1930-1961-nji ýyllarda Merkezi Garagumda Derwezede we Zäklide açyk usul bilen kükürt gazylyp alynýardy. Garagum çölüniň ösümlik ulgamyny ýowşan, gara sazak, sözen, borjak, ýylgyn, gandym, çerkez ýaly ösümlikler emele getirip, olaryň kadaly önüp ösmegi üçin şertler bardyr. Çöl ösümlikler çägeleriň süýşmeginiň öňüni alýar. Süýşýän çägeler bilen göreşmek örän çylşyrymly we köp zähmeti talap edýär. Garagumyň merkezi böleginiň suwlulandyrylmagy Türkmenistanda we sebitde biologiki dürlüligi saklap galmaga hem-de ony baýlaşdyrmaga ýardam eder. Suwarymly ýerleriň täze meýdanlary dörär, bu ýerlerde häzirki zaman dynç alyş we şypahana, sagaldyş zolaklary dörediler, ekologiýa jahankeşdeligi, işewürlik pudagy öser.
Merkezi Garagumda awtomobil we demir ýol ulaglary pudagynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin ikilenç ulanylmagynyň hasabyna suw gorlarynyň peýdalanylyş gerimi giňeler.

Hesel ARAPOWA,
Darganata etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşen 13-nji orta
mekdebiň Geografiýa mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: