Türkmenbaşy ― Garabogaz ― Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär.
Onuň gurluşyk işlerini ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti türkmen kärdeşleri bilen bilelikde üstünlikli ýerine ýetirýärler. Gurluşyk işlerinde esasy zerurlyk edýän demir gurnamalar bolsa öň baglaşylan şertnamalar boýunça Türkiýe, Germaniýa, Beýik Britaniýa döwletlerinden getirilýär.
Täze köpriniň uzynlygy 354 metre, ini hem 21 metre ýeter. Şeýlelikde, awtomobil köprüsiniň ýük göterijilik we geçirijilik, şeýle-de uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmek mümkinçilikleri halkara ölçegleridir kadalaryna laýyk üpjün edilýär.
Häzirki wagtda köpriniň ähli sütünlerinde burawlanyp, betonlanýan gazyklaryň hem-de sütünleriň, keselikleriň betonlaryny guýmak, köprüniň gözegçilik ýörelgelerini gurnamak, sütünleriň gorag örtüklerini etmek, sütünleriň arasynda metal konstruksiýalaryny oturtmak, süýşürmek işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy tamamlanyp barýar
24
Feb

