Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurulýan täze awtomobil köprüsinden ilkinji ulaglar 2024-nji ýylyň iýun aýynda geçip ugrar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda aýdylýar.
Täze köprüniň gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Garabogazköl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak hakyndaky Karary esasynda, 2022-nji ýylyň tomus paslynyň ortasynda girişildi.
Makalada bellenilişi ýaly, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmasy esasynda taslama işleri «Altkom» ýol gurluşyk kompaniýasy tarapyndan türkmen hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barylýar.
Garabogazyň üstünden gurulýan ini 21 metr, ikitaraplaýyn gatnawly, 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan köpriniň umumy uzynlygy 354 metre barabar bolup, köprä eltiji ýollaryň uzynlygy 2 kilometre ýetýär.