Garabogazdaky zawodyň önümçiligi 1 million tonna golaýlady
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawodynda 2024-nji ýylyň geçen hasabat döwründe 994 müň tonna golaý karbamid öndürildi. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, degişli meýilnama 101,2 göterim amal edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, munuň özi 11 aýda bu gymmatly döküniň 75 müň tonna golaýynyň içerki hem-de 1 million 17 müň tonna golaýynyň daşarky bazarlaryň sarp edijilerine ugradylandygyny aňladýar.
Işiň häzirki depgini garabogazly himiýaçylaryň şu ýyl 1 million 90 müň tonna
karbamid öndürmek baradaky meýilnamasyny artygy bilen berjaý etjekdiklerine doly güwä geçýär diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmenabatdaky kärhanada 155 müň tonna kükürt kislotasy öndürildi
Türkmenabadyň himiýa kärhanasynyň önümhanalarynyň arasynda kükürt
kislotasyny öndürýän bölümi ilkinji bolup, täze ýylyň hasabyna önüm öndürip
başlady. 2016-njy ýylda ulanmaga berlen bu önümhana her ýyl 150 müň tonnadan gowrak kükürt kislotasyny öndürip, ýurduň içerki bazardaky talabyny doly kanagatlandyryp gelýär.
2024-nji ýylda hem bu önümhana 155 müň tonna kükürt kislotasyny öndürip,
bu baradaky meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Öndürilen önümiň 70
müň tonnadan gowragy bolsa içerki bazaryň sarp edijilerine ugradyldy. Ýylyň aýagyna çenli ýene-de 10 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmek wezipesi öňde goýuldy.