YKDYSADYÝET

Garabogaz — minerallara baý köl

Garabogazyň minerallary diňe bir Türkmenistanyň ýa-da sebitiň däl, eýsem, dünýä boýunça uly we egsilmez çeşmedir. Maglumatlara görä, onuň meýdany 18 müň inedördül kilometre barabar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti şeýle ýazýar:

Bu günki günde Garabogaz 10-dan hem köp önümleriň senagat ähmiýetli görnüşlerini berýär. Olaryň hataryna nahar duzundan daşary brom, litiý, epsomit, natriý sulfaty, bişofit we beýlekiler girýär. Garabogaz kölüniň mineral çig mallary dürli ugurlar boýunça dünýä önümçiliginiň 25-den gowrak şahasynda giňden ulanylyp bilner. Şolaryň hatarynda kosmos we awiasiýa ugurlarynda peýdalanyljak önümler hem bar. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde geljegi strategik ähmiýetli Garabogazyň toplumlaýyn özleşdirilmegi importyň ornuny tutjak önümleriň öndürilmegini üpjün eder, eksporty artdyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: