Garabekewül etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň topary Türkmenabat şäherindäki 14-nji orta mekdepde geçirilen ýangyn-amaly sport bäsleşiginde ýeňiji bolup, Lebap welaýatynyň iň güýçli ýaş ýangyn söndüriji topary diýlip ykrar edildi. Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda guralan bäsleşik ýaşlaryň ýangyn howpsuzlygy baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýangyn-amaly sportunyň kadalary, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi, ýangyn söndüriji enjamlaryň ulanylyşy hem-de päsgelçilikli aralygy ylgamak boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, Farap etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň topary ikinji, Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere we tapawutlanan toparlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan diplomlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Garabekewülli okuwçylar Lebabyň iň güýçli ýaş ýangyn söndüriji topary boldular
21
Apr

