Garabekewülli lukmandan gyş almasy bilen bagly maglumatlar
Saýat etrabynyň Garabekewül şäher hassahanasynyň lukmany welaýat neşiri tarapyndan aýda bir gezek okyjylara ýetirilýän «Saglyk» sahypasynda gyş almasynyň peýdalary baradaky maglumatlary paýlaşdy.
Şol maglumatlarda görkezilişi ýaly, gyş almasy demre örän baýdygy bilen beýleki miwelerden tapawutlanýar. Çünki güýz aýlarynyň ahyryna ýyglyp, gyşa taýýarlanylýan bu alma durup, wagtyň geçmegi bilen özüne mikroelementleri, ýokumlary toplaýar we has-da süýjeýär, ýakymly ysa eýe bolýar.
Ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda we bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybynyň güýçlenmeginde gyş almasynyň täsiri uludyr. Beýni we degna, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň näsazlyklaryny sazlap, işini kadalaşdyrýar. Bu miwe içegeleriň işjeňligini artdyrýar we onuň düzümindäki zyýanly
mörjewleri ýok edýär. Mundan başga-da ol süňklerimiziň berk bolmagyna hem-de bedeniň gyzgynlygyny düşürmäge ýardam edýär.