Garabekewül etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Şirin Salyhowa Lebap welaýatynda 2026-njy ýylyň eli iň hünärli zenany diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda eli çeper zenanlaryň arasynda yglan edilen «Hünärim bar ― hormatym bar» atly bäsleşigiň Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirildi.
Gatnaşyjylar sanlyja minutlarda çaga köýnegini biçip-tikmek, özleriniň sünnäläp bejeren el işlerini şahyrana wasp etmek, döwrebap nagyşlar bilen keşdelenilen milli lybaslaryň sergisini guramak bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdymlary bu günki dabarany uly ruhubelentlige besledi.
Bäsleşikde Farap etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Hojakulyýewa ikinji, Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulsoltan Ýaraşowa bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Garabekewülli gurnak ýolbaşçysy Lebabyň iň hünärli zenan maşgalasy diýlip ykrar edildi
31
Jan
