MEDENIÝET

Garabekewülde şahyr Güýçmyrat Durdymyradowyň döredijiligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Garabekewül etrap merkezi kitaphanasynda üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary mynasybetli hem-de çagalyk ýyllaryny etrabyň Seýdi geňeşliginiň Bürgüt obasynda geçiren şahyr Güýçmyrat Durdymyradowyň döredijiligine bagyşlanyp «Şygryýetiň güýji» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa etrabyň mekdep okuwçylary, bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Çärede ilki bilen ýylyň şygaryna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Soňra kitaphananyň göreldeli okyjylary tarapyndan şahyryň döredijilik ýoly barada maglumatlar berildi we onuň goşgularyndan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.