Garabekewül etraby boýunça etrap halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler görkezildi. Saýlaw okruglarynyň hersinde dürli ugurlarda zähmet çekýän raýatlar dalaşgär hökmünde öňe sürüldi. Umuman alanyňda, etrap boýunça döredilen 20 sany saýlaw okrugynda iki adamdan — jemi 40 dalaşgär görkezildi. Dalaşgärleriň ählisi Garabekewül etrabynyň ýaşaýjylary bolup, olaryň arasynda bilim, döwlet dolandyryşy, medeniýet, oba hojalygy we beýleki ugurlarda zähmet çekýän işgärler bar.
Dalaşgärleriň arasynda bilim ulgamynyň işgärleri agdyklyk edýär. Orta mekdepleriň mugallymlary we ýolbaşçylary bilen birlikde çagalar baglarynyň müdirleri, etrap häkimliginiň hünärmenleri, daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy, önümçilik kärhanalarynyň işgärleri, medeniýet öýleriniň ýolbaşçylary we beýleki hünär eýeleri hem dalaşgärleriň hataryna girýär. Bu ýagdaý jemgyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleriniň ýerli wekilçilikli edaralara gatnaşýandygyny görkezýär.
Dalaşgärleriň arasynda ýaş we tejribeli işgärleriň utgaşyklylygy hem üns çekýär. Berlen maglumatlara görä, dalaşgärleriň iň ýaşlary 2001-nji ýylda doglan Joraýewa Güller Pena gyzy, Joraýewa Gülşat Agamyrat gyzy hem-de Mämetdurdyýew Atajan Annamyradowiç bolup, olar degişli saýlaw okruglarynda dalaşgär hökmünde görkezildi. Iň ýaşuly dalaşgär bolsa 1960-njy ýylda doglan Akyýew Bäşim bolup, ol Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Garabekewül etrap komitetiniň başlygy wezipesinde zähmet çekýär.
Saýlaw okruglarynda görkezilen dalaşgärleriň arasynda jemgyýetçilik durmuşynda işjeňligi bilen tanalýan, öz iş ugurlarynda tejribe toplan raýatlaryň bolmagy ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň has-da kämilleşmegine ýardam berer diýlip garaşylýar. Garabekewül etrabynyň saýlawçylary öňde duran saýlawlarda dalaşgärleriň içinden öz ynam bildiren wekillerini saýlap, etrap halk maslahatynyň agzalygyna ibererler.
Garabekewülde etrap halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler belli boldy
05
Mar

