Garabekewül etrabynyň Soltanýazgala geňeşliginiň çägindäki iri şahly mallar hem-de guşçulyk kömekçi hojalygyna alyjy gözlenilýär. Bu baradaky bildiriş 13-nji oktýabrda «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Şol gün ýurduň merkezi gazetinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň 17-nji oktýabrda bäsleşikli söwda arkaly satlyga goýjak desgalarynyň sanawy paýlaşyldy. Garabekewüldäki kömekçi hojalyk Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň desgalarynyň arasynda görkezilýär.
1964-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli işjeň ulanylan hojalyk 25 müň 494 inedördül meýdanda ýerleşýär. Onuňbäsleşikli söwdasy 25 million 226 müň 703,20 manatdan başlanar.
Bäsleşikli söwdanyň 17-nji oktýabrda ýokarda agzalan ministrligiň binasynda geçiriljekdigini ýatladýarys.
Garabekewüldäki kömekçi hojalygyna alyjy gözlenilýär
14
Oct
