BILIM

Garabekewüldäki çäre tebigaty goramaga bagyşlandy

Garabekewül etrabyndaky 8-nji orta mekdepde daşky gurşawy goramak we ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek maksady bilen synpdan daşary çäre geçirildi. Etrap derejesinde guralan bu çärede tebigatyň gözelligini aýawly saklamagyň ähmiýeti nygtalyp, ösümlik we haýwanat dünýäsine bagyşlanan dürli görkezme çykyşlaryna giň orun berildi.
Çäräniň dowamynda okuwçylar özleriniň taýýarlan nutuklary we ylmy taslama işleri arkaly tebigaty goramagyň möhüm ugurlary barada gyzykly maglumatlary paýlaşdylar. Şeýle hem dabaranyň çäginde guralan şekillendiriş sungatynyň eserleri we tebigy serişdelerden ýasalan dürli görnüşli şekiller myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Bu çäre ýaşlaryň daşky gurşawa bolan jogapkärçilikli garaýyşlaryny has-da kämilleşdirmäge ýardam etdi.