MEDENIÝET

Garabekewül etrap kitaphanasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Garabekewül etrap merkezi kitaphanasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa etrapdaky bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň ahalteke bedewleri, alabaý itleri we nepis halylary bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşandygyny bellediler. Şeýle-de behişdi bedewleriň aýratynlyklarynyň Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde giňden beýan edilýändigi nygtaldy. Soňra gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän kitap sergisi bilen tanyşdylar.