Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Garabekewül etrabynda baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Etrap medeniýet bölümi hem-de etrap merkezi kitaphanasy tarapyndan guralýan bu çäreler etrabyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda geçirilip, olara okuwçy ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.
Çäreleriň dowamynda okuwçy ýaşlar tarapyndan Garaşsyzlyga we baky Bitaraplyga bagyşlanan goşgular we şahyrana oýlanmalar ýerine ýetirilýär. Şeýle-de gatnaşyjylar kitaphana işgärleriniň taýýarlan kitap sergisi bilen tanşyp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri bilen ýakyndan tanyşýarlar.
Garabekewül etrabynda medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär
11
Mar

