Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda hem 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça degişli saýlaw çäkleri döredildi. Etrap boýunça 20 saýlaw okrugynyň her biri üçin anyk araçäkler bellenilip, olar şäheriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň hem-de obalaryň çägini öz içine alýar.
Bu çäreler saýlawlaryň açyk, adalatly we kanunçylyk talaplaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmäge, raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Garabekewül etrabynda 20 saýlaw okrugy hereket eder
22
Jan
