Guwanç Annageldiýewiç Kadyrow täze döredilen Garabekewül etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana 3-nji oktýabrda gol çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararlary bilen Myrat Rejepbaýewiç Aşyrow, Döwlet Agamyradowiç Aganýazow we Aýbölek Baýramdurdyýewna Allyýewa häkimiň orunbasary wezipelerine bellendiler.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu etrap Türkmenistanyň Mejlisiniň 19-njy sentýabrdaky Karary bilen döredildi. Etraba Garabekewül şäheri, Yslam şäherçesi we Saýat etrabynyň geňeşlikleriniň birnäçesi birikdirildi.
