YLYM WE TEHNIKA

Gara pomidor — seçgiçileriň zähmetiniň netijesi

Häzirki döwürde ylmyň, bilimiň ösmegi bilen täsin ösümlikleriň köp görnüşleri döredildi. Aýratyn hem, seleksiýanyň, biotehnologiýanyň, genetikanyň synaglary netijesinde ynsan saglygy üçin peýdaly gök we bakja ekinleriň täze görnüşleri döredildi.

Ylmyň täze gazananlarynyň  biri hem «gara pomidor». Ony ilkinji gezek rus alymlary geçen asyrda ýabany pomidor bilen  adaty  gyzyl pomidory çaknyşdyrmagyň netijesinde aldylar. Käbir maglumatlara görä gara pomidor genetiki taýdan üýtgedilen ýa-da GMO önüm hasaplaýarlar. Emma  ony bu görnüşini köp ýyllaryň dowamynda seçgiçiligiň kömegi bilen döretdiler. Bu barada «atavatan-turkmenistan.com» saýty ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: