YKDYSADYÝET

Gaplanan önümler satuwa taýýar

Türkmenistanyň oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolan Çärjew etrabynyň «Jeýhun» gök-miwe önümlerini gaplaýjy kärhanasynda şu günlerde 3 litrlik göwrümdäki bankalara erikdir alma şirelerini we şerbetlerini gaplamak işini gyzgalaňly alnyp barylýarlar.

Kärhanada alma şiresiniň 505 müň şertli bankasy, alma jeminiň bolsa 81 müň şertli bankasy satuwa taýýar edildi. Şeýle-de, gaplaýjylar eýýämden duzlanan gök önümleri gaplamak işiniň hem aladasyny edýärler. Bu ýerde täze önümçilik hökmünde garaly şerbetini taýýarlamagyň üstünde hem işlenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: