Gant şugundyry örän düşewüntli ekin
Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk ekinleri bolan däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, gök ekerançylyk, miweçilik, bakjaçylyk, şol sanda üzümçilik, bagçylyk ýaly ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, täze obadyr şäherçeler, döwrebap tohum saklanýan ammarlar toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.
Obasenagat toplumyny ösdürmekde hususyýetçi daýhanlaryň paýyna hem möhüm wezipeler düşýär. Däneçiligi, gök ekerançylygy, miweçiligi, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny giň gerime eýe bolýar.
Eziz Diýarymyzda obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi azyk bolçulygy hem-de azyk howpsuzlygy babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda pagta hem-de bugdaý bilen bir hatarda beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny ýokarlandyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär. Şonuň netijesinde, indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzda gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär.
Munda ýurdumyzyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, gant şugundyry üçin Mary hem-de Balkan welaýatlary saýlanyp alynýar. Gant şugundurynyň iň köp möçberi ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýetişdirilýär. Gant şugundyry örän düşewüntli ekin. Ol ýazlyk hem-de güýzlik ekilýär. Onuň aralyk görnüşi ýylyň ikinji ekini bolmak bilen bugdaýdan boşan meýdanlara iýun
aýynda ekilýär. Oba zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Kärendeçileriň öndürjilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.
Adaty şugundyryň adam saglygyna hem peýdasy uludyr. Onuň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Şeýle-de onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň berk we deriniň oňat bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Ol düzüminde saklanýan
sinkiň we ýoduň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär. Ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar.
Durdymyradowa Maýsa
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby