BIZE YAZYARLAR

Ganatly zehinler

    Ýurdymyzyň geljekki ösüşi ähli babatda, zehinli, ruhubelent, öz Watanyny söýýan nesillere baglydyr. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär, türkmen medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmek, täze zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýokary derejä eýe bolýar.  

    “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, Lebap welaýatynyň öňde baryjy çagalar sungat mekdepleriniň biri, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň uçurymlarynyň hasabat konserti geçirildi. Saz äleminiň ilkinji bilimlerini alan uçurymlar özleriniň täsirli, gyzykly çykyşlary bilen konserta gatnaşyjylarda ajaýyp duýgulary oýardy. Konsertiň başynda mekdebiň Halk orkestriniň ýerine ýetirmeginde “Pyragy” aýdymynyň uçurymlar tarapyndan aýdylmagy, Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň gutlagy bolup ýaňlandy. Konsertiň dowamynda uçurymlar özleriniň hünäri boýunça ýagny, fortepiano hünäri boýunça Leýli Açylowa we Umida Bahadirowa, skripka hünäri boýunça Atajan Orazow, klarnet we dep hünäri boýunça Diana Ruslanowa we Dawud Allaberdiýew özleriniň erk edýän saz gurallarynda dünýä nusgawy kompozitorlarynyň we türkmeniň ruhuny, milliligini, watansöýijiligini öz sazlarynda beýan edýän türkmen kompozitorlarynyň sazlaryny uly şowhun bilen ýerine ýetirdiler. Mundan başga-da mekdebiň saz toparlary ýagny, plektrli dutarçylar ansambly, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar orkestri, bagşylar topary, “Batly gadam” skripkaçylar ansambly,“Mukam”depçiler toparynyň ýerine ýetiren sazlary Berkarar döwletimiziň asudalygynyň, abadan, erşertli durmuşda ýaşaýandyklarynyň joşgunly beýany boldy. Mekdebimiziň uçurym gyzlarynyň ýerine ýetiren “Ýel peselendi” tansy türkmen gyzlaryna mahsus bolan edep-ekramyň we gözelligiň nyşanydyr. Uçurymlar tarapyndan aýdylan “Hoşlaşyk” we “Hoş gal mekdep” aýdymlary konserta gatnaşyjylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Konsertiň soňunda ýaş, zehinli uçurymlara Watanymyza, Hormatly Prezidentimiza ylymly-bilimli, wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini, Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmagy üçin uly başarnyklary we geljekde saz äleminde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

 Rustamowa Maral, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat 

mekdebiniň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: