Gallaçylar bilen hasaplaşyklar geçirilýär
Lebap welaýatynyň gaýratly gallaçylary ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar bilen döwlet ammaryna tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklar hem bökdençsiz geçirilýär. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki şahamçalarynda galla kabul edýän kärhanalardan gelip gowuşýan resminamalara laýyklykda kärendeçiler we hususy önüm öndürijiler bilen degişli hasaplaşyk işleri amala aşyrylýar.
Şonuň netijesinde welaýat boýunça gallaçylara öndüren gallasy üçin 180,8 million manada golaý pul berildi. Bu işler guramaçylykly dowam edýär.