Gallaçylar bilen hasaplaşyk geçirilýär
Häzirki günlerde gyzgalaňly häsiýetde dowam edýän galla oragyna gatnaşýanlar we kärendeçiler giňden goldanylýar. Oňa gallaçylar bilen döwlet ammaryna tabşyran hasyly üçin hasaplaşyk işleriniň göwnejaý ýola goýulýandygy hem aýdyň mysal bolup biler, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasyndan bize habar berişleri ýaly, şu döwre çenli gallaçy kärendeçileriň bank kartlaryna 16 million 230 müň manat pul geçirilipdir. «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan kabul edilip alnan galla üçin degişli pul serişdelerini tölemäge degişli resminamalar bankyň ýerlerdäki şahamçalaryna bökdençsiz berilýär. Şeýle çemeleşme ýer eýelerini has yhlasly we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.