Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan her bir üstünlik — geljegimiz bolan ýaş nesliň kemala gelmeginde goýulýan sarsmaz binýatdyr. Bu asylly ýolda ak ýürekden zähmet çekip, öz hünärine bolan çäksiz söýgüsi we işewürligi bilen tapawutlanýan mugallymlarymyzyň orny bimöçberdir. Şeýle bagtyýar zenanlaryň biri hem Kerki etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Annagözel Jumageldiýewadyr.
Annagözel mugallym ýaşdygyna garamazdan, kärdeşleriniň we okuwçylaryň, ata-eneleriň arasynda sowatly, işbaşarjaň, talabediji, tutanýerli mugallym hökmünde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýar. Bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň etrap, welaýat, döwlet tapgyrlarynda baýrakly orunlary eýeläp gelýär. Mugallym iňlis dili dersini okatmakda diňe bir nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, görkezme esbaplarynyň we döwrebap tehnologiýalary hem ussatlyk bilen peýdalanýar. Ol sapaklarynda dürli proýektorlary we sanly ulgamlary ulanmak arkaly, okuwçylaryň öňünde iňlis diliniň täsin dünýäsini açýar. ―Ekrana şöhle berýän proýektleriň kömegi bilen taýýarlanan gyzykly prezentasiýalar, wideoşekiller we suratly görkezme esbaplary okuwçylaryň sapaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Bu usul çagalaryň diňe bir diňlemek däl, eýsem, görýän zatlarynyň üsti bilen täze sözleri we grammatikany tiz özleşdirmegine ýardam edýär― diýip, zehinli mugallym sanly ulgam arkaly sapaklaryň janly, täsirli we işjeň geçmegini üpjün edýänigini belleýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, zehinli mugallymyň metbugatda gysga göwrümli makalalary yzygiderli çap edilýär. Şeýle-de işewür mugallym welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän dabaralaryň, medeni-köpçülikleýin çäreleriň iň işjeň guramaçysy we gatnaşyjysy hökmünde jemgyýetçilik durmuşynda hem belent sepgitleri eýeleýär. Annagözel Jumageldiýewa «Ýylyň mugallymy — 2026», «Ýylyň zenany ― 2026» bäsleşikleriniň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi. 2025―2026 «Bilim sergisinde» birinji orna mynasyp boldy. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halkara Bitarplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli etrabyň orta mekdeleriniň iňlis dili mugallymlarynyň arasynda geçirlen bäsleşikde hem baýrakly orna mynasyp boldy. Şeýle-de ol tutanýerli zähmeti üçin, etrap bilim bölümi tarypyndan hormat hatlary bilen birnäçe gezek sylaglanyldy.
Annagözel mugallym türkmen zenanyna mahsus bolan işewürlik häsiýetlerini bilen hem aýratyn tapawutlanýar. Ol ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň hem hakyky ussadydyr. Özüniň bu ussatlygyny ýaş nesle öwredip, olarda milli gymmatlyklara bolan söýgini terbiýelýär.
Bagtyýar döwrüň bagtly zenan mugllymy okadýan okuwçylarynyň Watanymyza wepaly, zähmetsöýer, gujurly, tutanýerli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin alada edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim özgertmelerini iş ýüzinde durmuşa geçirmekde uly işler alyp barýar. biz Annagözel mugallyma ýaş nesle bili-terbiýe bermek ýçaly sogaply, jogapkärli işinde mundan býläkde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Galkynyşly döwrüň bagtyýar mugallymy
15
Apr

