BIZE YAZYARLAR

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo Halkara sirk festiwalyndaky ýeňişi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji gadamy örän şowlylyk bilen başlandy. Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmeniň ahalteke bedewleri türkmen halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynda möhüm orun eýeläpdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz
tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli sirk sungaty hem giň gerime eýe bolup, barha kämilleşýär.
Türkmenistan halkymyzyň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary türkmen sirk sungatynyň ösüşine mynasyp goşandyny goşup, türkmen halkynyň at abraýyny belende göterýär. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredilip, şu günlerimize çenli at üstündäki täsin oýunlary,
çylşyrymly hereketleri bilen has hem kämillik derejesine ýetdi. “Galkynyş ” topary diňe bir Türkmenistandaky çykyşlary, üstünlikleri bilen halkymyzy begendirmek bilen çäklenmän, eýsem, birnäçe ýurtlardaky geçirilen halkara festiwallaryna gatnaşyp birnäçe gezek baş baýraklaryna eýe boldular.

Ýakynda bolsa Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji Halkara sirk festiwaly guramaçylykly
ýagdaýda geçirildi. Halkara festiwalynda “Galkynyş ” topary örän täsir galdyryjy, şowly çykyşlary bilen festiwala gatnaşyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup, olaryň görkezen çykyşlary emin agzalary, tomaşaçylary haýrana goýdy. Geçirilen halkara festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga şeýle hem birnäçe ýörite baýraklara mynasyp boldular.


“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro, Hormatly Prezidentimiziň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgady gowşuryldy. Bu bolsa türkmen halkynyň taryhynda diýseň buýsandyryjy, guwandyryjy waka bolup, Gahryman Arkadagymyzyň
hormatly Prezidentimiziň atçylyk sungatynyň, sirk sungatynyň halkara derejesinde ösdürilmegi üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserleri türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimize bolan çäksiz söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. Pederlerimiziň bedew atlaryny aýawly saklap, gyzgyn söýgi bilen ösdürip ýetişdirmekleri, “Oguznama” eposyndaky “Saňa at diýmerin, gardaşym diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada” ýaly setirler ýa-da “Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň-atyňy” we “At dosty-ata dosty” diýen pähim-paýhasa ýugrulan setirler hem, türkmen halkynyň atlaryna
“Maşgalasynyň bir agzasy” hökmünde hormat goýýandyklaryna şaýatlyk edýär.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde hem ahalteke bedewlerine bagyşlanyp sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly konsertler, konferensiýalar dabaraly ýagdaýda geçirilýar. Bu geçirilýän çäreleriň maksady ýaş nesillerde batyrgaýlygy, watansöýüjiligi, ugurtapyjylygy terbiýelemekden ybarat bolup, at sporty bilen meşgullanmaklyga höwes döretmekdir. Milli seýisçilik şeýle hem atşynaslyk mirasymyzyň ösdürilmegi ugrunda döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Bäş müň ýyllyk taryhy, halkyň milli baýlygy,
Watanymyzyň abraýy, naýbaşy gymmatlygy.
Haýran eder göreni gözellik, ýyndamlygy,
Halkyň uçar ganaty gadamy batly bedew.

Täsin çykyşlaryňyza haýran dünýäniň ýüzi,
Hiç haçan üzülmesin ýeňişleriňiziň yzy,
Türkmen halky buýsanýar gutlap üstünligiňizi,
“Galkynyş” atçylyk toparyň şöhratly ussatlary.

Alym atşynaslary, gamyşgulak bedewlerimiz,
Milli medeniýetimiz hem atçylyk sungatymyz,
Ýer ýüzüne tanatmaga, sirk sungatyny ösdürmäge,
Halkyň röwşen geljegine tutýan tutumlaryňyz
Rowaçlansyn Arkadagym, Arkadagly Serdarymyz.

Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy .

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: