SPORT WE SYÝAHAT

“Galkan”—halkara ýaryşyň çempiony 

 Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary Aşgabat şäherinde geçirilen halkara ýaryşyň çempiony boldy.

  “Galkan” şu gün geçirilen final duşuşygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Adihis-Kazan” toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi. 

 Üçünji orun ugrundaky duşuşykda bolsa, Belarus Respublikasynyň “Wolat” topary Özbegistanyň “Feniks” toparyny ýeňdi. 

 Şeýle hem ýapylyş dabarasy geçirilip, onda medallara mynasyp bolan toparlar we tapawutlanan hokkeýçiler sylaglanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: