SPORT WE SYÝAHAT

«Galkan» finala çykdy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyň finalyna çykmagy başaran ilkinji topar boldy. «Galkan» bu hukugy şu gün 4-nji tapgyrda Özbegistanyň «Feniks» toparyny uly hasap bilen ýeňenden soň gazandy.

Günüň birinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly zalynda «Feniks» bilen duşuşan «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňip, toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýeňişler «Galkanyň» utugyny 12-ä çykardy. Şu gün «Galkandan» asgyn gelen «Feniks» bolsa ertir ýeňiş gazanaýan-da hem 9 utuk bilen ikinji orny eýeläp, umumy ýaryşyň üçünji orny ugrundaky göreşe goşular.

Günüň beýleki duşuşyklarynda «Adihis-Kazan» «Wolaty» 5:3, «Ice Box» «Oman Nationals»-y 6:0, «Dordoý» bolsa «Team Turkiye» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.

4-nji tapgyrdan soň «A» toparçada «Galkanyň» 12, «Feniks» bilen «Ice Box»-yň 6 utugy bar. Dört tapgyrda üç duuşykda geçiren «Bahreýn» we «Oman nationals» toparlary bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi.

Bassyr üçünji duşuşygynda üç ýeňiş gazanan «Adihis-Kazan» «B» toparçada 9 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Kazandan gelen hokkeýçileriň finalda «Galkanyň» garşydaşy bolmak mümkinçiligi has ýokary.

6 utukly toparlardan «Wolat» ikinji, «Akmola» üçünji orny eýeleýär. Toparçada «Dordoýyň» 3 utugy bar. Halkara ýaryşdaky çykyşlaryny tamamlan «Team Turkiye» bolsa bir utuk hem gazanyp bilmedi.

Halkara ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklary ertir 19-njy aprelde geçiriler. 20-nji aprelde bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlaryň eýelerini kesgitlejek duşuşyklar bolar. Bassyr dört duşuşyk geçiren «Galkan» ertir finalyň öňüsyrasynda dynç alar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: