BIZE YAZYARLAR

Galam nähili emele gelipdir?

Häzirki döwürde hemmeleriň peýdalanýan galamlary nähili peýda
bolanlygy, ilkinji gezek nirede kim tarapyndan döredilenligi ählimize gyzykly
bolsa gerek.
Ilkidurmuş ýaşaýyş şertlerinde hat-ýazuwyň döremegi bilen adamlar dürli
ýazgylary ýazyp geçipdirler. Olar galama derek dürli gamyşlary, guşlaryň
ýeleklerini peýdalanypdyrlar. Syýany bolsa kül bilen ýagy garyşdyryp ýasapdyrlar. Adamyň zähmeti netijesinde ähli zat kem-kem kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetdi. Ilkinji galam Fransiýada Napalýon Bonapardyň goşunynda Nikolos tarapyndan tötänleýin döredilendir. Häzirki wagtda ýönekeý galamlar has kämilleşdirilip elektron galamlar bilen ýerini çalyşdy
Galam sözi türkmen diline arap dilinden alynan söz bolup ol arapçada
“kalem” diýilip atlandyrylýar. Gadymy greklerde gamyşa “kalamos” diýipdirler. Soňra bu söz araplaryň “kalem” sözünerosenagat öwrülipdir. Latynçada bolsa galam “pencilius” diýilip atlandyrylýar.
Dünýä belli “Noris colour” kärhanasy Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 460
metrlik galamy döretdi. Dünýäniň iň gymmat galamy bolsa, gymmat bahaly
galamlary döredýän Aurora tarapyndan almaz daşlary bilen bezelen bolup onuň bahasy 1,47 mln ýewro deňdir.

JANGELDIÝEWA Aýna
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: