“Gahryman gerçekleriň keşbi ýaş nesilleriň kalbynda” atly döredijilik bäsleşigi
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylaryň arasynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlarda watansöýüjilik, merdanalyk, ata-babalarymyzdan gelýän şöhratly ýollara wepalylyk, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanç duýgularyny döretmekden hem-de 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygyny dabaralandyrmak, ýaş nesillerde pederlerimiziň Watan goragynda görkezen gahrymançylygyny terbiýelemekden ybarat. Bäsleşik 2025-nji ýylyň aprel aýynyň dowamynda Türkmenabat şäher Medeniýet öýünde geçiriler. Bäsleşikde iň gowy surat eserleri Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli guraljak sergä gatnaşarlar.
Şeýle-de bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.