Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ygtybarly ylmy çeşmeler esasynda täze-täze maglumatlaryň peýda bolmagy türkmen halkynyň taryhyna täzeçe hem-de köptaraplaýyn nazar aýlamaga iterýär».
Orta asyrlarda türkmen topragynda lukmançylyk ylmynyň ösmeginde uly goşant goşan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, ensiklopediýaçy alym Sahl Rabban, botanika boýunça ylmy işleri miras goýan Ibn Musa, asman jisimleriniň özara dartyş kanuny barada ylmy çaklamany öňe süren Muhammet Enweri, kanunçy we edebiýatçy Mahmyt Zamahşary, al-Hazyny ýaly dünýä belli alymlar ýaşapdyr.
Seljuk hökümdarlary Togrul beg, Mälik şa, Soltan Sanjar türkmenlere mahsus diplomatiýa arkaly goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, ykdysady, ylmy we medeni taýdan gülläp ösüşe getirjek özgertmeleri durmuşa geçiripdirler. Soltan Sanjaryň köşgünde işlän we düýpli ylmy iş ýazan alymlaryň biri hem Seýit Ysmaýyl Gürgenlidir (1057–1137). Ol özüniň lukmançylyk tejribesine easalanyp «Tebipçiligiň ýan kitaby» atly ensiklopedik eserini ýazypdyr.
Kitapda ýylyň dürli pasyllaryna görä adam bedenine hereket etmek, dynç almak, iýmitlenmek zerurlygy barada maslahatlar berilýär. Kitapda göz, diş, beýni, ýürek, böwrek, aşgazan keselleri we olary bejermegiň ýollary barada peýdaly maslahatlar görkezilipdir. Meşhur lukman arassa howanyň adamyň saglygyna edýän täsirini aýratyn belläpdir. Şol döwürde ýaşan alym Muhammet Enweri (1110–1189) antik döwrüniň we ýakyn Gündogar ýurtlarynyň alymlarynyň eserlerini içgin öwrenipdir.
Onuň astronomiýa ylmy bilen gyzyklanandygy mälimdir. Enweri öz eserlerinde asman jisimleriniň özara dartyş kanuny baradaky ylmy çaklamany öňe sürüpdir.
Hormatly Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby ylmy mirasymyzy öwrenmekde ygtybarly we gymmatly çeşmedir.
MUHAMMEDOWA Nurjemal,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
101-nji okuw toparynyň talyby.

