Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen hem tanyşdy.
Görkezilen taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň Söwda merkeziniň, özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan myhmanhana binasynyň, döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ähli amatlyklary özünde jemleýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şypahananyň, maglumat tehnologiýalarynyň umumybilim berýän merkeziniň, işewürlik merkeziniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagyň garamagyna täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän “Saglyk” seýilgähiniň şekil taslamasy, seýilgähiň we şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän dürli baglaryň, gülleriň, seýilgähde goýulmagy meýilleşdirilýän oturgyçlaryň we germewleriň görnüşleri, elektron enjam arkaly dolandyrylýan mehaniki haly sergileýiş ulgamynyň şekilleri görkezildi.
Gahryman Arkadag görkezilen taslamalar barada birnäçe belliklerini etdi.