JEMGYÝET

Gadyr gijesi mynasybetli Hojambazda täze metjit açylar

Ýakyn günlerde mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze metjitler açylar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşynda eden çykyşynda belledi.

“Türkmenler öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdyr. Yslam dini halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda yslam dininiň ähmiýeti uludyr. Nesip bolsa, ýakyn günlerde mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şunuň ýaly täze metjitler açylyp, olarda ýagşy doga-dilegler ediler” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şol metjitleriň biri Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde açylar. Bu metjidiň düýbi 2022-nji ýylda tutulypdy.