Türkmen halky her ýyl Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Halkara nowruz güni bilen baglanyşykly däp-dessurlary, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruz sözi pars sözünden gelip çykyp, “Täze gün” diýen manyny berýär. Nowruzyň 3 müň ýyllyk taryhy bolup, ol gadymy Marguşda dörän Zaroastarizm dini tarapyndan kabul edilip, ýaýradylypdyr. Nowruz täzeden dogluşyny, ýyly howanyň gelmegin we bütin Ýer ýüzüniň ýaşyl reňke bürenmegini alamatlandyrýar. Ýer ýüzüniň ýaşyl reňke bürenmegi bilen baglanyşykly Nowruzda ösümliklerden taýýarlanan naharlara aýratyn üns berilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, dost-doganlyk we raýdaşlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr.
Nowruzyň gadymy däp-dessurlary müňlerçe ýyllaryň dowamynda, asyrlarboýy üýtgeşme sezewar boldy, dürli sebitlerde dürli däp-dessurlary saklanyp galdy, köne däpleriň üstüne täze däpler goşuldy. Şeýlelikde, bu baýramyň baryp ýeten ähli ülkelerinde Nowruzyň däp-dessurlary dürli görnüşe eýe boldy, ýöne ol elmydama baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygyny alamatlandyrýar, milletiň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Taryhyň dürli döwürlerinde Nowruz baýramynyň däp-dessurlary alysdaky we ýakyndaky halklaryň medeni gatnaşyklarynyň berkemegine hyzmat edip gelýär.
Nowruz köplenç parslaryň täze ýyly hasaplanylyp, Eýranda we Täjigistanda has meşhurluga eýedir. Bu ülkelerden başga-da Owganystanda, Merkezi we Günorta Aziýada, Ýakyn Gündogada, Balkan ýarym adasynyň käbir sebitlerinde we Tanzaniýanyň Zanzibar adasynda we beýleki dürli ülkelerde bellenilip geçilýär.
Nowruz baýramynyň taryhyna göz aýlasak, ol esasan üç sany taryhy ýol bilen Ýer ýüzüniň dürli ülkelerine we halklarynyň arasyna ýaýrady we millilik derejesine ýetdi. Birinjisi, gadymy pars imperiýalarynyň täsiri netijesinde Merkezi we Günbatar Aziýanyň çäklerinde mesgen tutan pars we türk jemgyýeti asyrlarbaýy Nowruz baýramyny giňden belläp gelýärler.
Ikinjisi, Nowruz baýramy orta asyrlarda äleme ýaň salan, türkmen imperiýalary, Osmanlylar we Mogollar tarapyndan pars medeniýetini we şygryýetini öz milliligine öwrülmegi, öz hökmürowanlygyny ýöreden ülkelere öz täsirini ýetirdi. Ady-owazasy dünýä dolan bu imperiýalar Nowruz baýramynyň dabarasyny Türkiýe, Balkan ýarym adasyna we Günorta Aziýa halklarynyň ruhunda ornaşmagyna itergi berdi. Beýik Mogollar imperiýasy döwründe Nowruz baýramy Hindistanda bellenildi.
Üçünjisi, parslaryň syýahat eden ýurtlaryna bu medeniýeti ýaýratmagydyr. Munuň aýdyň mysaly, Tanzaniýanyň Zanzibar adasynyň ýerli ilaty tarapyndan, bu baýramy millilik ruhunda kabul etmegi we häzirki wagtda baýramçylyk ruhunda belleýärlär.
Mugja BAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň “Başlangyç biliminiň mugallymçylygy we psihologiýasy” hünäriniň I ýyl talyby.

