BIZE YAZYARLAR

Gadymy we müdimi sungat

Küştdepdi milli sungatymyzyň özboluşly nusgasydyr. Milletiň taryhy-medeni
däpleriniň, onuň ruhy tejribesiniň we häzirki zaman döredijilik mümkinçiliginiň
sazlaşykly utgaşygydyr. Gözbaşyny uzak asyrlardan alyp gaýdýan küştdepdi
tansy ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsiniň ýokary galkynyşa eýe bolandygyny
görkezýär. Halk durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bu tans 2017-nji ýylyň
7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Resbuplikasy) ÝUNESKO-nyň maddy
däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Milli tans
döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. «Küştdepdi»
türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi – idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat
eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir
wagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär» — diýip belleýär.
Tansyň döreýiş gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine siňip gidýär. Muny taryhy-
arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar, taryhy ýazgylar
hem doly tassyklaýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, Gadymy Nusaý galasynda Parfiýa medeniýetine degişli ritonlaryň ýüzünde elleri depli döwre gurap, el
çarpyp tans edýän şahandazlar şekillendirilipdir.
Mundan başga-da, ylmy maglumatlarda 1055-nji ýylda beýik Seljuk döwletiniň
soltany Togrul begiň Bagdatda garşylanyş dabarasy mynasybetli tutulan uly
toýuň hemde onda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetiren täsin tanslary Abu-l-Faraj
Ebreýiň ýazgylarynda şeýle waspy edilýär: «Türkmen ýigitleri örän täsirli halk
aýdymlaryny aýdyp, gerçek ýigitler sazyň şowhunyna ilki, bir dyzyny epip,
oturyp şowhunly el çarpdylar. Soňra bolsa, çalasynlyk bilen ýerinden turup,
parlaýa-parlaýa aýlanyp tans edipdirler». Bu bolsa tans sungatynyň gadymy
döwürden dowam edip gelýändigini beýan edýär.
Şeýle hem, küştdepmeler halk döredijiliginiň hereketli milli, toý aýdymy
görnüşinde ХIХ asyryň ahyrlarynda döräp başlaýar. Ene-mamalarymyzyň gürrüň
bermegine görä, ondan öň diwanalar-porhanlar obalara aýlanyp, gapylarda
durup ýa-da näsaglaryň ýanyna baryp, onuň daşyndan aýlanyp, dürli hereketler
bilen dini kitaplardan bölekleri aýdar ekenler. Olar näsaglaryň dertlerini
kowmak üçin, «küş-küş, küşt-küşt» onuň daşyndan aýlanyp, böküp, dürli
hereketleri edipdirler. Bu täsin hereket oba çagalaryna öz täsirini ýetiripdir.
Olar hem diwanadyr porhanlara öýkünip, ellerini ýokary galdyryp, aýaklaryny
ýere urup, dürli hereket edip, göwünlerine gelen sözleri aýdypdyrlar.
Şeýlelikde, kem-kemden «küş-küş, küşt-küşt» halkymyzyň milli, hereketli toý
aýdymy «küştdepdi» adalgasyna öwrülip, il arasynda rowaçlanyp başlapdyr.
Küştdepdiniň many-mazmuny asyrlaryň jümmüşine garamaga mümkinçilik
berýär, çünki bu tansyň özboluşly nepis hereketlerinde türkmen halkynyň bizi
gurşap alýan dünýä we onuň gurluşyna ruhy taýdan düşünişi beýan edilýär. Küşt depýänler asyrlarboýy kämilleşen tans dili we hoş owaz bilen çarhypelegiň dynuwsyz aýlanyp duranlygy, söýgidir täze durmuşyň döreýiş jadysynyň müdimiligi barada gürrüň berýärler, gadymy däp-dessurlaryň dünýä aň ýetirmekdäki ähmiýetini açyp görkezýärler. Bu tans geçmiş bilen häzirki
döwri birleşdirip, ýaşaýşa synmaz söýgi döredýär.
Ony maddy däl medeni mirasyñ möhüm bölegi, şeýle hem, milli baýlyk
hökmünde saklap galmak häzirki we geljekki nesilleriñ borjy bolup durýar.

Aziza KABULOWA,
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.