Gadymy suw göteriji desgalaryň kämilleşen görnüşleri
Mälim boluşy ýaly , şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesi çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden bellenilip geçiler. Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary mizemez ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlaryň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk geýän derejede bilim almagy üçin ähli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda milli bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyna we terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, tämiz ahlakly kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edilýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň “Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş” hünäriniň talyp ýaşlary nasoslar we nasos stansiýalary dersini öwrenmekde geljekki hünärmenlere ylmyn we tehnikanyň häzirki zamanda gazanan üstünliklerine laýyklykda dürli işlere niýetlenen nasos stansiýalary taslamagy öwretmekden ybaratdyr.
Gadym zamanlardan bäri suwy ýokaryk galdyrmak we ýakyn aralyklara akdyrmak üçin her hili desgalar ulanylypdyr. Orta Aziýada ekerançylyk ýerleri we mallary suwarmak üçin jykyr, gowa, nowa we meşik ýaly dürli enjamlar we desgalarьulanypdyrlar.
Suw göteriji desgalaryň kämilleşen görnüşine porşenli nasoslar degişlidir. Ilkinji porşenli nasoslar Gresiýada we Rimde biziň eramyzdan 1-2 ýüz ýyl öň ýüze çykypdyr. Görnükli alym Leonardo da Winçi (XV asyr) ylmy işlerinde merkezden daşlaşdyrýan güýjiň täsiri esasynda suwy birnäçe beýiklige galdyryp boljakdygyny belläp geçipdir.
1840-1850-nji ýyllarda Amerikaly Wortingon porşenli bug nasosyň konstruksiýasyny oýlap tapypdyr. XVIII asyrda rus ussasy Frolow şahtalardan suwy sorup aýyrmak üçin porşenli nasoslary senagata ornaşdyrypdyr. Porşenleri akýan suwda aýlanýan tigir bilen herekete getiripdir.
Giňden ulanylýan bir işçi tigirli merkezden daşlaşdyrýan nasoslaryň ajaýyp nusgalaryny Amerikaly Anderson döredipdir (1818 ý).
Merkezden daşlaşdyryjy nasoslar XVIII döredilendigine seretmezden olar senagatda uly aýlaw sanly elektrodwigateller oýlanyp tapylandan soň, ýagny XIX asyrda giňden ulanyp başlapdyrlar.
Häzirki döwürde nasoslar senagatyň we oba hojalygyň ähli pudaklarynda diýen ýaly giňden ulanylýarlar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň “Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş”
hünäriniň 208-nji okuw toparyň talyplary, mugallym Aýjan Hemraýewa.