DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gadymy Müsür gaýdyp gelýär

Şu ýylyň tomsunda Giza piramidasynyň golaýynda Uly Müsür muzeýiniň dolulygyna açylmagyna garaşylýar. 2002-nji ýylda gurluşygyna başlanan bu muzeý geçen ýyllarda bölekleýin açylan hem bolsa, indi onuň çägi has giňeler.
50 gektar meýdany eýeleýän bu muzeýde Müsüriň baý we beýik taryhyna şaýatlyk edýän gadymy tapyndylaryň, heýkelleriň 100 müňden gowragy jemlener. Şeýle-de muzeýiň bölümleri gadymy Müsüriň biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklara degişli bolan aýry-aýry döwürlerini öz içine alar. Olaryň käbirinde gadymy müsür däpdessurlary bilen tanyşmak mümkindir. Şeýlede bu ýere ýurduň beýleki muzeýlerinden tapyndylar, mazarlyklar getirildi.