Gadymy medeniýetiň nusgasy
Taryh sapagynda okuwçylary dünýäniň dürli medeniýetleri bilen tanyşdyrýarys. Gyzkly maglumatlar okuwçylaryň bilime bolan höwesini artdyrýar.Taryhda ösen medeniýeti bilen yz galdyran şumer medeniýeti adamzada ryhy gymmatlyklary miras goýdy.
Özüniň syrlylygy we tapmaçalygy bilen adamzadyň uly gyzyklanmasyna öwrülen şumer ýazgylary barada eşitmedik az-azdyr. Şumer siwilizasiýasy biziň saýýaramyzyň iň gadymy ösüşleriniň biri hasaplanýar. Ol dördünji müňýyllygyň ikinji ýarymynda emele gelýär.
Şumer medeniýeti adamzada ýazuwy, metaly gaýtadan işlemekligiň mümkinçiliklerini sowgat etdi. Olaryň ir döwürlerde amala aşyran açyşlary ylma diňe soňky ýyllarda mälim bolup başlady. Şumerler özlerinden soň häzirki döwürde öwrenmegimiz üçin matala we üsti açylmaly syra öwrülen taryhy miras goýupdyrlar.
Tutuş müňýyllygyň dowamynda şumerler Ýakyn Gündogaryň aýnasy hasaplanylypdyr we dürli ugurlara täsir edip bilýän güýje öwrülipdirler. Şumerleriň asman jisimleri we matematika ylmy bilen baglanyşykly öňe süren pikirleri anyklygy bilen Ýakyn Gündogara meşhur bolupdyr.
Bir ýylyň dört pasla, on iki aýa bölünmegi, her minudyň we sekindyň 60-lykda ölçenmegi ilki bilen şumerlerden gözbaş alypdyr.
Olar saýýaralaryň, ýyldyzlaryň Ýere täsiri bilen has irki döwürlerde gyzyklanypdyrlar. Droblary hasaplamak, milliona çenli köpeltmek, sanlary kökini we derejesini hasaplamak olara ir döwürlerde mälim bolupdyr.
Üçünji müňýyllykdan biziň eýýamymyza çenli Mesopatamiýada ekerançylyga aýratyn uly ähmiýet berlipdir. Olar palçykdan gap-çanaklary, gurluşyk materiallaranyny ýasamak bilen meşgullanypdyrlar. Şumerler lukmançylygyň ösmeginiň ilkinji binýadyny goýupdyrlar. Aşşurbanipal şanyň Laýrddaky Ninewi kitaphanasynyň lukmançylyk bölüminde müňlerçe palçyk reňkli derman digirjikleri hasaba alnypdyr
Ähli lukmançylyk adalgalary şumer ýazgylary bilen baglanyşyklydyr. Arassaçylyk we gigieniki düzgünleriň toplumy, operasiýalarda spirt bilen dizenfeksiýa etmeklik, näsagyň keselini anyklamak we bir tapgyr bejergi geçirmek düzgünleri şumer lukmançylygynda şol döwürler ýola goýlupdyr. Özboluşly medeniýeti we ylmy nesillere peşgeş beren şumer medeniýeti häzirlerem öwrenilmegini dowam edäýär.
Nigara Hakberdiýewa,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.