Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Gahryman Prezidentimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň tagallasy bilen okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we mekdep okuwçylaryna bilim berlişini döwrebaplaşdyrmak, bilim işgärleriniň mukaddes borjy hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň eserlerini ýol-ýörelge edinip okap bilim alýan ýaş nesilleriň geljekde Watana bolan söýgüsi has-da güýjär.
Mekdeplerde häzirki döwürde alnyp barylýan okuw terbiýeçilik işleriniň esasylarynyň biri hem okuw-usuly birleşmeleriniň işleriniň gurnalyşdyr. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp Darganata etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebinde 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-15 aralygynda “Gadymy hem müdimi türkmen
taryhy” ady bilen taryh hepdeligi yglan edildi. Bu hepdeligiň çäklerinde hepdäniň ilkinji güni türkmen halkynyň umumyadamzat taryhynda eýelän orny, milli mirasynyň kemala gelşi barada uly sergi gurnaldy. Sergide mekdep okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gyzykly taryhy maglumatlary, taryhy tapyndylaryň nusgalary, milli gymmatlyklarymyzy we milli mirasymyzy özünde jemleýän beýleki gymmatlyklar sergä gelenleriň ünsüni has-da özüne çekdi.
Türkmenistanyň taryhyna degişli dürli ýyllarda çap edilen okuw gollanmalarydyr, okuw kitaplary hem serginiň bir burçynda öz ornuny tapdy. Mekdep okuwçylary tarapyndan elde çekilen taryhy suratlar, taryhy suratlardan taýýarlanan wideo ýazgylaryň görkezilşiniň gurnalmagy hem has täsirli boldy.
Hepdeligiň çäginde geçirilen açyk sapaklaryna, bäsleşiklere, okuw maslahatlaryna mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary işjeň gatnaşýarlar. Tejribeli we işeňňir mugalymlaryň iş tejribesini ýaş mugallymlara ýetirmek maksady bilen olara Türkmenistanyň taryhy dersine degişli okuw sapaklary hem gurnaldy. Biziň Okuw-usuly birleşmämiziň gurnamagynda geçirilen bu hepdelik
ýaşlaryň aňynda türkmen halkynyň taryhyna bolan beýik hormaty kemala getirdi.
Gunça BAGYÝEWA,
Darganata etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 13-nji
orta mekdebiniň Taryh mugallymy.
