Gadymy gara öýler
Türkmen halky gadymdan otyrymly millet bolup ekerançylyk we çarwadarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Türki halklaryň ýaşaýyş şertlerinde iň gadymdan ulanylýan gara öýleri üýtgeşik
sungat hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Gara öýler ýeňiljek bolup olary ýygnamak we düzmek aňsat bolupdyr. Ol islendik howa şertlerine laýyk gelýän bolup Ýewropada we Aziýada biziň eýýamymyzyň birinji müňýyllygynda döräpdir. Gara öýler tegelek gurluşda bolup onuň üçegi gümmez şekillidir. Ýygnamak, abatlamak üçin aýratyn böleklere bölünen gara öýleri göçme ilat düýeleriň atlaryň kömegi bilen hem bir ýerden başga bir ýere göçürip bilipdirler. Gara öýleriň gurluşynyň çeýeligi seýsmiki nukdaýnazardan hem howpsyzdyr. Yssy we sowuk howalarda hem gara öýüň içiniň tempraturasynyň kadaly bolmagy üçin öýüň içinde ýörite keçeler asylýan ýerleri bolup, olary aýyryp dakypdyrlar. Gara öýler ulylygy boýunça 3 topara bölünýärler. Uly öýler myhman kabul etmek üçin niýetlenip kaşaň bezelipdir. Gara öýleriň orta göwrümde salynýanlarynda 15 adam ýaşamaga mümkinçiligi bolupdyr. Kiçi gara öýler ammarlar hökmünde ýa-da aýratyn sebäpler üçin gurulyp goýulypdyr.
Gara öýleriň gurluşy diýsen täsin bolupdyr. Olaryň ýokarsynda ýörite gün düşmek üçin tüýnügi ornaşdyrylypdyr, Tüýnükden düşen gün şöhlesiniň hasabyna adamlary wagty kesgitläpdirler. Gara öýleriň gurluşynyň iki görnüşi bolup olar türk we mongol görnüşleridir. Türk gara öýlerini türkler, türkmenler, gyrgyzlar, garagalpaklar ulanylypdyr. Mongol gara öýleri bolsa häzirki döwürde hem Mongoliýada çarwa halklaryň arasynda gurlup ulanylýar. Häzirki döwürde türkmenler öz kaşaň howlularyny gara öýler bilen bezäp özüniň taryhyna, milliligine goýýan hormatyny beýan edýärler diýsek ýalňyşmarys.
MÄMETJUMAÝEWA Gülsoltan,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby