“Milanyň” merkezi goragçysy Matteo Gabbiýa klub bilen şertnamasyny uzaldyp biler. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi.
Çeşmä görä, täze şertnama başga bir möwsüme, ýagny 2029-njy ýylyň iýun aýyna çenli uzaldylyp bilner.
Futbolçynyň agenti: “Gabbiýa hem “Milan” bilen täze şertnama baglaşmakdan diýseň hoşal, ýöne biz entek ara alyp maslahatlaşmadyk” -diýdi.
24 ýaşly Gabbiýa “Milanyň” okuwçysy hasaplanýar. Ol bu möwsümde “rossoneriler” düzüminde jemi alty duşuşykda meýdana düşdi we bir pökgi geçirdi. Italiýaly futbolçynyň klub bilen häzirki şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli baglaşylandyr. “Transfermarkt” goragçynyň bahasyny 8 million ýewro diýip bahalaýar.
