SPORT WE SYÝAHAT

Futzal ýaryşynda ýarymfinalçylar belli boldy

Futzal boýunça türkmenabat şäheriniň kubogy ugrundaky ýaryşda dördünji we bäşinji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, ýarymfinalçylar belli edildi. Dördünji tapgyrda «A» toparçada «Bäş dogan» topary «Amuly» 10:9 hasabynda, «Köpetdag-Lebap» bolsa «Faraby» 6:2 hasabynda ýeňdi. «B» toparçanyň duşuşyklarynda «Bagtyýarlyk» «Amyderýadan» 10:5, «Jeýhun» bolsa «Kerki» toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy.
Bäşinji tapgyryň çäklerinde «A» toparçasynda «Bäş dogan» topary
«Köpetdagy» 4:3 hasabynda ýeňip, ýaryşyň toparçalaýyn bölegini utulyşsyz tamamlady. Şeýlelikde, topar ýarymfinal tapgyryndaky ýerini hem berkitdi. Bu toparçanyň ugurdaş duşuşygynda «Gurluşykçy» topary Farap şäherinden gatnaşýan futzalçylary 12:3 hasabynda ýeňdiler. «B» toparçadaky duşuşyklarda bolsa «Jeýhun» «Amyderýadan» 7:3, «Zara» topary Kerki şäherinden gelen futzalçylardan 4:1 hasabynda üstün çykdylar.
Şeýlelikde, 21-nji dekabrda geçiriljek ýarym final duşuşyklarynda «Gurluşykçy» bilen «Zara», «Bagtyýarlyk» bilen «Bäş dogan» toparlary güýç synanyşarlar. Şol günüň ertirligi ― 22-nji dekabrda üçünji orun ugrundaky we Kubogyň eýesini kesgitlejek final duşuşyklary geçiriler.
Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryşyň ýarymfinal we final tapgyrlaryna tomaşa etmek isleýän futzal janköýerlerine duşuşyklaryň 21-nji we 22-nji dekabr günlerinde sagat 11:00-da we 12:00-da başlanjakdygyny habar berýäris.