Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde 2007-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futzal boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi. Baýrakly orunlar ugrunda 11 topar güýç synanyşdy.
Bäsleşik iki toparçada ýaýbaňlandyrylyp, öňdäki orny eýelän toparlar ýarymfinalda bäsleşdiler. Bu tapgyrda «Türkmenabat-1» «Dänew» toparyndan 9:6 hasabynda üstün çykdy. «Türkmenabat-2» bolsa Kerki etrabynyň toparyny 8:4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan final duşuşygynda Türkmenabat şäheriniň toparlary
gyzykly oýun görkezdiler. Netijede 11:9 hasabynda «Türkmenabat-2» ýeňiş gazandy. Dänew
hem Kerki etraplarynyň toparlary 3-nji orny eýelediler. Rolan Şepine («Türkmenabat-2») iň
netijeli oýunça, Daýanç Resulowa («Türkmenabat-1») ökde hüjümçä, Muhammet Atajanowa
(«Türkmenabat-1») ygtybarly derwezeçä niýetlenen baýraklar gowşuryldy.
Baýrakly orunlary eýelän toparlar Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş
müdirliginiň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Futzal boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi
10
Feb
