Futbol turniriň ýeňijileri yglan edildi

Dänew etrabynda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany, Respublikanyň at gazanan mugallymy, Halk magaryfynyň göreldeli işgäri Hajy Jumaýewiň hatyrasyna bagyşlanyp geçirilen futbol turniriniň jemi jemlenildi.

Etrap stationynda geçirilen ýaryşlarda meýdançada 2008―2009-njy ýylda doglan oglanlardan düzülen toparlar duşuşdylar. Turniriň netijelerine laýyklykda, Türkmenabat şäheriniň «Nesil» topary ýeňiji boldy. Topary ýaryşa Artýom Huseýinow taýýarlady. Ýaryşyň ikinji we üçünji baýrakly orunlaryny degişlilikde Dänew etrabynyň toparlary mynasyp boldy. Toparlaryň tälimçileri Timur we Halmyrat Nowruzowlar.

Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector