Futbol çempionaty, Birinji liga

Nov 3, 2020

«Amyderýa» sekizinji, futbolçysy birinji

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap zolagynda 12-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda «Köpetdag» «Demirýolçyny», «Miras» «Garagumy», «Amyderýa» «Derýaçyny», «Farap» bolsa «Çärjewi» kabul etdi.
12-nji tapgyryň duşuşyklarynyň beýanyna geçmezden öňürti, okyjylarymyzyň dykgatyna iki zady ýetirmek isleýäris. Olaryň ilkinjisi 24-nji oktýabrda 9-njy tapgyryň çäginde meýilleşdirilip, soňa süýşürilen «Köpetdag» ― «Çärjew» duşuşygynyň geçirilenligidir. Duşuşyk «Köpetdagyň» 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Ikinji bir aýdylmaly zat bolsa birinjiligiň 11-nji tapgyrynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň ählisiniň soňa süýşürilenligidir. Çünki şol günler Lebap welaýat Sport we ýaşlar syýasaty müdirligi tarapyndan 2004 ― 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi.
12-nji tapgyrdaky duşuşyklaryň ikisi deňme-deň hasapda tamamlandy. «Miras» bilen «Garagumyň» arasyndaky duşuşykda hasap açylmadyk bolsa, «Köpetdag» we «Demirýolçy» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy. Bu netijelerden soňra «Mirasyň» möwsümde 20 utuklyk sepgide ýetip bilen dördünji topar bolandygyny aýtmak gerek. Welaýat Polisiýa müdirliginiň garamagyndaky «Köpetdagyň» möwsümde ilkinji gezek deňme-deň hasapda duşuşyk geçirendigini hem nygtamalydyrys.
Tapgyrda ýaryşyň öňdebaryjysy «Derýaçy» «Amyderýany» 3:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Arif Açylowyň geçiren pökgüleri bilen iki gezek öňe saýlanandygyna garamazdan, «Amyderýa» üstünligini gorap bilmedi. 52-nji minutda Ikram Nyýazowyň tapawutlanmagynda hasaby deňlän «Derýaçy» 10 minut soňra Azat Ýagmyrowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlandy we ýeňşi elden bermedi. «Derýaçynyň» şu möwsümde 40 pökgi geçiren ilkinji topar bolandygyny hem aýtmak gerek.
«Farap» bilen «Çärjewiň» arasyndaky duşuşykda hem derwezelere bäş pökgi girizildi. Ýöne bu gezek hasap başgaçarak. Has takygy, şol pökgüleriň dördüsini «Farabyň», birini «Çärjewiň» futbolçylary geçirdi. Duşuşykda «Farabyň» futbolçysy Zakir Romanow üç gezek tapawutlandy.
12-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra 25 utuk bilen «Derýaçy» birinji, 21 utuk bilen «Demirýolçy» ikinji orny eýeleýär. Öňdebaryjylaryň üçlügini bolsa 20 utukly «Miras» jemleýär.
Möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň ýaryşynda göze ilip duran täsinlik bar. Ol hem «Amyderýanyň» futbolçysy Arif Açylow bilen baglydyr. 12-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra «Amyderýa» möwsümde 14 pökgi geçirip bildi. Şolaryň 13-sini geçiren Arif Açylow möwsümiň netijeli futbolçylarynyň sanawynyň başyny çekýär. Ýöne ol birinji orny «Farapdan» Zakir Romanow bilen paýlaşýar.
Zolakda 13-nji tapgyryň duşuşyklary 8-nji noýabrda geçiriler. Şol gün «Garagum» bilen «Köpetdag», «Demirýolçy» bilen «Derýaçy», «Farap» bilen «Miras», «Amyderýa» bilen «Çärjew» duşuşar.
12-nji tapgyryň netijeleri:
«Köpetdag» ― «Demirýolçy» ― 2:2.
Pökgi geçirenler: Perhat Hojagulyýew 12, Sergeý Ýegenberdiýew 30 (11 m.j.u.) ― Tahyr Rejepbaýew 45 (11 m.j.u.), Döwlet Azymow 62.
«Miras» ― «Garagum» ― 0:0.
«Amyderýa» ― «Derýaçy» ― 2:3.
Pökgi geçirenler: Arif Açylow, 12, 35 ― Roman Metiýew 18, Ikram Nyýazow 52, Azat Ýagmyrow 62.
«Farap» ― «Çärjew» ― 4:1.
Pökgi geçirenler: Açyldurdy Krudratow 6, Zakir Romanow 23, 32, 39 ― Rawil Baltaýew 55.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: